Türkmenistan we ABŞ syýasy geňeşmeleri geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we ABŞ syýasy geňeşmeleri geçirýär
Türkmen we amerikan resmileri özara hereketleriň netijelerine garadylar hem-de geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda üç günlük onlaýn görnüşinde geçirilýän syýasy geňeşmeleri sişenbe güni öz işine başlady.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, geňeşmeleriň gün tertibi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan, hususan-da howpsuzlyk meselelerinden, söwda-ykdysady gatnaşyklaryndan we ynsanperwer hyzmatdaşlygyndan ybaratdyr.

Mejlisiň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginine eýedigini nygtady.

Habarda bellenilşi ýaly, syýasy geňeşmeleriň ilkinji gününde howpsuzlyk ugry boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara hereketleriň netijelerine garadylar hem-de geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Owganystanda parahatçylygy gurmak meselelerine aýratyn hem üns berildi. Owganystan Hökümetiniň we degişli taraplaryň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň ýola goýulmagy üçin Türkmenistanyň syýasy giňişligini üpjün etmek barada Ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda “Merkezi Aziýa+ABŞ” hem-de “Türkmenistan–ABŞ-Owganystan” ýaly hyzmatdaşlyk formatlarynyň netijeleri bellenip geçildi.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasynda özara hereketleri berkitmek ýaly ýollar arkaly howpsuzlygy üpjün etmek işinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan ygrarlylyklary beýan etdiler.

2022