Türkmenistan COVID-19 ýokanja garşy sanjymlary satyn almak meýilnamasyny taýýarlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan COVID-19 ýokanja garşy sanjymlary satyn almak meýilnamasyny taýýarlady
Meýilleşdirilen çäreleriň hataryna COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlary satyn almak, sanjymy Türkmenistana getirmek we hasaba almak üçin zerur resminamalary taýýarlamak girýär. (Surat: “Reuters”)

Türkmenistanda COVID-19-a garşy sanjym satyn almagyň we ýurda getirmegiň Meýilnamasy işlenilip düzüldi. Bu barada “ORIENT.tm” habar berýär.

Meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň üsti bilen sanjymyň önümçiliginiň tejribesini öwrenmek göz öňünde tutulýar. Meýilleşdirilen çäreleriň hataryna COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlary satyn almak, sanjymy Türkmenistana getirmek we hasaba almak üçin zerur resminamalary taýýarlamak girýär.

Habarda bellenilişi ýaly, sanjymy satyn almak, getirmek, şeýle hem olary taýýarlamak we geçirmek boýunça işleriň aglaba bölegi 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň degişli edaralary tapgyrlaýyn sanjym işleri üçin ilatyň arasynda töwekgelçilikli toparlary kesgitläp, sanjym edilenleriň ýazgylaryny ýöretmegi, sanjym üçin elektron pasporty bilen üpjün etmegi, sanjymlaryň netijelerine yzygiderli gözegçilik etmegi amala aşyrarlar.