Türkmenistanda 2021-nji ýylyň şygary yglan edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 2021-nji ýylyň şygary yglan edildi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow teklip edilýän geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny makullady we olaryň metbugatda we teleýaýlymlarda ýerleşdirmek barada tabşyryk berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa çarşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda geljek ýyly “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek teklibini we Täze ýylyň nyşanynyň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, milli parlamentiň Başlygy milli Liderimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan köpsanly teklipler nazara alnyp öňe sürülendigini, geljek ýylyň nyşanynyň taslamasy bolsa yglan edilen bäsleşigiň netijeleri boýunça saýlanyp alnandygyny habar berdi.

Täze ýylyň şygarynyň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2021-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama gabat gelýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow teklip edilýän geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny makullady we olaryň metbugatda we teleýaýlymlarda ýerleşdirmek barada tabşyryk berdi.