Paýly gurluşygyň obýektiniň gurujy tarapyndan paýça berilmeginiň möhleti

BIZNES TÜRKMENISTAN
Paýly gurluşygyň obýektiniň gurujy tarapyndan paýça berilmeginiň möhleti
Paýly gurluşygyň obýekti berilmäge taýýar bolan mahalynda, paýçy bu obýekti bäş iş gününiň dowamynda kabul etmäge borçludyr.

“Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, gurujy paýly gurluşygyň obýektini paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletde paýça bermäge borçludyr.

Eger ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygy şertnamada göz öňünde tutulan möhletde tamamlanyp bilinmejek halatynda, gurujy agzalan möhletiň geçmeginden azyndan iki aý öň paýça degişli maglumatlary we paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny üýtgetmek hakynda teklibi ibermäge borçludyr.

Gurujy tarapyndan paýly gurluşygyň obýektiniň paýça berilmeginiň paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletiniň üýtgedilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Gurujy tarapyndan paýça paýly gurluşygyň obýektiniň berilmegi ol ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ulanylmaga berilmegine rugsat alandan soň amala aşyrylýar.

Gurujy paýly gurluşygyň obýektiniň berilmeginiň paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda bellenilen möhleti gelmezinden azyndan bir aý öň paýça ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygynyň tamamlanýandygy hakynda habar bermäge hem-de paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna laýyklykda paýça paýly gurluşygyň obýektini kabul etmegiň zerurdygy hakynda duýdurmaga borçludyr.

Paýly gurluşygyň obýekti berilmäge taýýar bolan mahalynda, paýçy bu obýekti bäş iş gününiň dowamynda kabul etmäge borçludyr.

Paýly gurluşygyň obýektiniň hili bellenilen talaplara laýyk gelmedik halatynda, paýçy gurujydan şol laýyk gelmezlikleriniň görkezilmegi bilen ykrar hatynyň düzülmegini talap etmäge hem-de gurujy olary düzedýänçä, kabul ediş-tabşyryş ykrar hatyna gol çekmekden boýun gaçyrmaga haklydyr.

Paýçy paýly gurluşygyň obýektini kabul etmekden boýun gaçyran ýa-da ýüz dönderen halatynda, ýa-da paýçynyň ýerleşýän ýerini anyklamak mümkin bolmadyk halatynda, gurujy iki aý geçenden soň, ygtyýarlyk berlen edara bilen bilelikde paýly gurluşygyň obýektiniň paýça berilmeginiň mümkin däldiginiň sebäplerini görkezmek bilen, ykrar hatyny düzmäge haklydyr. Şunda paýly gurluşygyň obýektine tötänlikden zeper ýetmeginiň ýa-da tötänlikden ýok bolmagynyň töwekgelçiligi şeýle ykrar hat düzülen gününden başlap paýça geçen diýlip hasaplanylýar.

Çeşme: “Rysgal” gazeti, 04.01.2021 ý

2022