Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Makeý bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, gepleşigiň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy bölekleriniň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň derejesini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda, maýa goýum we senagat ulgamyndaky özara hereketleri ösdürmek nukdaýnazaryndan möhüm orun eýeleýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus Hökümetara toparynyň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň söwda öýleriniň işi hem aýratyn bellenildi, çünki olaryň esasy wezipesi iki ýurduň bazarynda türkmen we belarus harytlarynyň toplumynyň artdyrylmagyna we giňeldilmegine gönükdirilendir.
Şeýle-de ministrler sebit we halkara düzümleriniň, BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýlekileriň çäklerindäki bilelikdäki hereketlere kanagatlanma bildirdiler. Hususan-da giň gerimli hyzmatdaşlyk üçin oňyn platforma hökmünde bolup durýan GDA-nyň çäklerindäki özara hereketler bellenilip geçildi.
GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2020-nji ýylyň dekabrynda geçirilen mejlisiň barşynda 2021-nji ýylda Belarus Respublikasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi barada karar kabul edildi.