Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Mejlisiň jemleri boýunça ylalaşylan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýew, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji, Parlamentiň ýolbaşçysy Talant Mamytow, Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki mejlisiň dowamynda şu ýyl bilelikde amala aşyrylan işleriň netijeleri, GDA-nyň çäginde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de GDA ýurtlarynyň dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan resminamalaryň birnäçesini kabul etmäge degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

-Däp bolşy ýaly, ýylyň ahyrynda biz GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işimiziň jemini jemleýäris, geljek döwür üçin iş barada pikir alyşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we mälim bolan, bize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, GDA ýurtlaryna meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň aglabasyny geçirmegiň başardandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet Baştutanlarynyň, daşary işler ministrleriniň Geňeşleriniň, Ykdysady Geňeşiň mejlisleriniň geçirilendigini mysal hökmünde görkezdi. Olaryň barşynda dürli ulgamlarda özara gatnaşyklarymyzyň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de möhüm resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylary ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap hemmelere berk jan saglyk we üstünlikler, Arkalaşygyň döwletleriniň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Mejlisiň jemleri boýunça ylalaşylan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak hakyndaky çözgüt; 2021-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakyndaky çözgüt; Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Bilelikdäki beýannamasy hakyndaky çözgüt; Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasy hakyndaky çözgüt; 2022-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2022-nji ýyly Halk döredijiliginiň we medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly Milletara aragatnaşyklaryň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt bar.