Türkmenistan DÖM-i maliýeleşdirmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan DÖM-i maliýeleşdirmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy
AÝUYDT-niň baş edara binasy. Bangkok şäheri, Tailand.

Demirgazyk we Merkezi Aziýa (DMA) ýurtlarynyň wekilleriniň 120-ä golaýy, BMG-niň dürli ugurlar boýunça wekilleri COVID-19-dan soňra durnukly dikeldiş we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş maksatnamasynyň (DÖM) gün tertibini ýerine ýetirmek boýunça Maliýeleşdirmegiň toplumlaýyn milli gurluşy (MTMG) bilen bagly sebitleýin giriş okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi sahypasynda penşenbe güni habar berlişi ýaly, okuw maslahaty 2021-nji ýylyň 21-27-nji ýanwary aralygynda onlaýn görnüşinde geçirildi. Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş topary (AÝUYDT) hem-de BMG-niň Okuw we ylmy-barlag instituty (ÝUNITAR) okuwyň gurnaýjylary hökmünde çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, okuwyň dowamynda DMA ýurtlary - Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Ermenistan, Täjigistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş çygryndaky gün tertibini ýerine ýetirmek boýunça işleriň bilelikdäki meýilnamasyny maslahatlaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar DÖM-i durmuşa geçirmegiň milli nusgalarynyň, olaryň maliýeleşdirilmesiniň tejribeleri, meýilnamalary we taslamalary boýunça pikir alyşdylar.

Okuw maslahaty 7 tapgyrdan ybarat bolup, olar DÖM-i durmuşa geçirmek çygryndaky derwaýys meseleleriň giň gerimini öz içine aldy, ýagny: DÖM bilen baglanyşykly harajatlaryň hasaplanylmasy; DÖM-i maliýeleşdirmek we býujetleşdirmek (döwlet tarapyndan maliýeleşdirmek); Durnukly maliýeleşdirmäniň gurallary hökmünde maýa bazarlary we hususy maliýeleşdirme; MTMG-ni ornaşdyrmak boýunça çemeleşmeleriň we ileri tutmalaryň ýurtlar bilen ara alyp maslahatlaşylmasy.

Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş topary 1947-nji ýylda döredildi. Topar sebitiň ykdysady we durmuş meseleleri bilen bagly işleri alyp barýar.