Türkmenabatda 8 müň tonna golaý un taýýarlanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabatda 8 müň tonna golaý un taýýarlanyldy
Kärhanada öndürilýän un goňşy welaýatlaryň ählisine ugradylýar.

Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýokary we birinji sortly unuň 7 müň 801 tonnasy taýýarlanyldy. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, kärhana bugdaý Lebap welaýatynyň ähli etraplaryndan getirilýär. Öndürilýän un bolsa goňşy welaýatlaryň ählisine ugradylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, un kärhananyň ýeke-täk önümi däl. Bu ýerde mannyý ýarmasy, kepek, tüwi ýaly zerur önümler hem yzygiderli öndürilýär. Kärhanada ýylyň iki aýynda öndürilen mannyý ýarmasynyň 20, kepegiň 2 müň 351, tüwiniň bolsa 576 tonnasy ilata ýetirildi.

Türkmenabat galla önümleri kärhanasynyň ýyllyk önüm öndürijilik kuwwaty 96 müň 700 tonna barabar bolup, ol ýerde 250-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Kompaniýa 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda açylyp ulanylmaga berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022