Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasy 529 tonnadan gowrak ýüplük öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasy 529 tonnadan gowrak ýüplük öndürdi
Kärhana tarapyndan iki aýda 6 million 10 müň manada golaý girdeji alyndy.

Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda meýilnamada göz öňünde tutulan 526,4 tonna ýüplüge derek 529 tonnadan gowrak ýüplük öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýanwar aýyndaky önümçilik 272, fewral aýyndaky önümçilik bolsa 257 tonnadan geçýär. Şeýlelikde, göz öňünde tutulan meýilnama 100,5% berjaý edildi.

Pul hasabyndaky görkezijilere degip geçsek, kärhana tarapyndan iki aýda 6 million 10 müň manada golaý girdeji alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 125%-e ýakyn ösüş gazanyldy.

Şeýle hem, kärhanada Şweýsariýanyň “Uster” kompaniýasynyň doly awtomatlaşdyrylan enjamlary kärhananyň barlaghanasynda pagta süýüminiň we nah ýüplükleriň fiziki-mehaniki görkezijilerini ölçemekde ulanylýar. Şeýle-de ýüplükleri awtomatiki usulda gaplamak üçin Italiýanyň “Zancaner” we sowadyş, ýyladyş hem-de howany arassalaýyş ulgamlarynda Şweýsariýanyň “Luwa” kompaniýasynyň enjamlary ulanylýar.

Kärhana ýylda 4 müň 500 tonna nah pagtany gaýtadan işläp, ondan 4 müň tonna ýokary hilli “Open End” ýüplüklerini öndürip bilýär. “Open End” dokma senagatynda ulanylýan iň ýokary hilli ýüplük görnüşleriniň biridir.

Şu ýyl öndürilen önümiň 384,4 tonnasy, ýagny 72%-i Türkiýe, Polşa, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletlere eksporta ugradyldy.

2022