Türkmenistanda kärhanany bellige alyş möhleti 3 güne çenli gysgaldyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda kärhanany bellige alyş möhleti 3 güne çenli gysgaldyldy
Türkmenistanda kärhanany döwlet bellige almak hakynda karar beriş möhleti 2 hepdeden 3 iş gününe çenli gysgaldyldy.

Türkmenistanda kärhanany döwlet bellige almak hakynda karar beriş möhleti 2 hepdeden 3 iş gününe çenli gysgaldyldy.

“Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny duşenbe güni ýurduň resmi metbugatynda çap edilmegi bilen güýje girizildi.

“Esaslandyryjylar tarapyndan zerur resminamalar berlen pursadyndan başlap üç iş gününiň dowamynda kärhanany döwlet belligine almak ýa-da döwlet belligine almakdan ýüz döndermek hakynda karar kabul edilýär” diýip, resminamada bellenilýär.

Şeýle hem bu resminama esasynda kärhanany döwlet belligine almak boýunça zerur bolan resminamalar bilen bagly “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasyna goşmaça girizildi. Goşmaça görä, kärhanany döwlet belligine almak boýunça zerur bolan resminamalaryň dolanyşygy Türkmenistanyň kanunçylygyna  laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde elektron görnüşinde amala aşyrylyp bilner.

Türkmenistanyň Mejlisi 13-nji martda täze Kanuny tassyklady we 23-nji martda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kanuna gol çekdi.

2022