TULM Türkiýeden Özbegistana ugran ilkinji ekspres otlynyň gatnawyna ýardam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
TULM Türkiýeden Özbegistana ugran ilkinji ekspres otlynyň gatnawyna ýardam edýär
Häzirki wagtda Türkmenistanyň çägine gelen konteýnerleriň TULM tarapyndan ähli resmi amallary amala aşyrylýar.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýeden Özbegistana ugran 25 sany 40 futlyk konteýnerli ilkinji ekspres otlynyň gatnawyna ýardam edýär.

TULM-yň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, bu otly şu ýylyň 10-njy aprelinde Türkiýe döwletiniň Stambul şäheriniň Bogazköpri menzilinden ugrady. Konteýnerli otlynyň düzümi 21-nji aprelde “Teýmur Ahmedow” fider gämisinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gowuşdy.

Bu gatnawy TULM Azerbaýjan demirýollarynyň “ADY Container” kärhanasy bilen bilelikde amala aşyrýar.

Konteýnerli ekspres otlynyň 3 müň 692 km aralygy 460 sagatda geçmegine garaşylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çägine gelen üstaşyr konteýnerleriň TULM tarapyndan ähli resmi amallary amala aşyrylyp, wagonlarda demir ýol ulagy arkaly Özbegistanyň Ürgenç şäherine ugratmak işleri alnyp barylýar.

Gelejekde TULM ähli konteýnerleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň konteýner terminalynda ýygnap, ekspres otly düzümi hökmünde Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly goňşy döwletlere üstaşyr ugratmagy meýilleşdirýär.