Ahal DES-i 700 müň kilowat sagada golaý elektrik energiýasyny öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal DES-i 700 müň kilowat sagada golaý elektrik energiýasyny öndürdi
Ahal döwlet elektrik stansiýasy döwletimizde iň kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýasy bolup durýar.

Ahal döwlet elektrik stansiýasynyň işçi-hünärmenleri 2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginde 679 müň 20 kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürdiler. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 110,3% ösüş gazanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Ahal döwlet elektrik stansiýasy 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp işe girizildi. Onda 254,2 MWt-a deň bolan iki sany gaz turbinaly enjamlary gurnaldy.

Büzmeýinde, Aşgabatda we Daşoguzda oturdylan gaz turbinalaryndan tapawutlylykda, Ahal DES-iň gaz turbinalary diňe gazda işlemän, dizel ýangyjynda hem işläp bilýär.

Bu elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. 2013-nji ýylda 3 sany kiçi gaz turbinalarynyň we 2014-nji ýylda 2 sany gaz turbinalaryň işe girizilmegi bilen stansiýanyň kuwwatlylygy 648,1 MWt-a deň boldy. Bu stansiýa häzirki wagtda döwletimizde iň kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýasy bolup durýar.

2022