Hytaý Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýär
Prezident Si Szinpin türkmen-hytaý tebigy gaz hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň özara peýdaly gatnaşyklarynyň aýdyň beýanydygyny belledi. (Surat: AÖB)

Hytaý Halk Respublikasy geljek ýyl iki ýurduň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan bilen energiýa pudagynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen penşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda aýdanlaryna salgylanyp, Hytaýyň resmi metbugaty habar berdi.

Si Szinpin iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek we ösüşini işjeňleşdirmek üçin itergi berilmelidigini aýtdy.

Prezident Si Szinpin Hytaýyň Türkmenistan bilen energiýa gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýardygyny, tebigy gazdaky hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň özara peýdaly gatnaşyklarynyň aýdyň beýanydygyny nygtady.

Hytaýyň Türkmenistandan has ýokary hilli önüm import etmäge, sanly we howa giňişligindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de Hytaýyň uly bazary tarapyndan iki ýurduň gülläp ösmegini üpjün edýän mümkinçilikleri paýlaşmaga taýýardygy bellenildi.

Hytaýyň Başlygy pandemiýa garşy global göreşde Hytaý bilen Türkmenistanyň möhüm goşant goşandygyny belledi. Şeýle hem, Si dünýäniň COVID-19 ýokanjynyna garşy göreşiniň dowam edýändigini nazara almak bilen, Hytaý pandemiýa garşy durmakda, esasanam sanjym hyzmatdaşlygynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmen Lideri hem öz gezeginde Hytaýyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk statusyna berýän goldawyna ýokary baha berýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen Hytaýyň dostlukly gatnaşyklarynyň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý bilen tebigy gaz, söwda, ulag, saglygy goraýyş we COVID-19-a garşy göreş ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek isleýändigini nygtady.

Türkmenistan A, B we C geçirijilerinden ybarat bolan Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa tebigy gaz eksport edýär. Häzirki wagtda D geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Geçen ýyl Hytaý bu gaz geçirijisi arkaly 39 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz import etdi.

2022