Türkmenistanyň Prezidenti “Mir” teleradiokompaniýasyna interwýu berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “Mir” teleradiokompaniýasyna interwýu berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy Radik Batyrşin (Surat: MIR)

Şu ýyl bellenilýän şanly sene — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy Radik Batyrşine interwýu berdi. Interwýuny “Mir” duşenbe güni efire berdi. 

Milli Liderimiz interwýunyň dowamynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan gününden bäri gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdi we Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge, onuň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda jemi içerki önümiň möçberiniň 8,4 esse ýokarlanyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine esasy maýa goýumlarynyň jemi möçberiniň 209 milliard ABŞ dollaryna golaý bolandygyny aýtdy. Şol serişdeleriň 66,6%, ýagny 140 milliard ABŞ dollaryna golaýy önümçilik pudagyna gönükdirildi. Häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumyny nazara almanyňda, ýurdumyzyň jemi içerki önüminde döwlete degişli däl pudagyň paýy 70%-e ýetdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak syýasaty barada hem aýdyp geçdi. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak, “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek mynasyp orny eýeleýär.

“Ýurdumyzda howanyň täsirini ýumşatmak üçin tokaýlary dikeltmek we ýerleriň ulanylyşyny gowulandyrmak boýunça uýgunlaşdyrma çäreleri işjeň ornaşdyrylýar, millionlarça agaç nahallary ekilýär. Soňky 20 ýylyň içinde Diýarymyzda agaç nahallarynyň 90 milliondan gowrak düýbi oturdyldy. Şu ýyl bolsa ýurdumyzda olaryň ýene-de 30 milliondan gowragy ekiler” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Radik Batyrşin türkmen Bitaraplygy we onuň Merkezi Aziýada hem-de goňşy sebitlerde bolup geçýän ýagdaýlaryň barşyna we ugruna ýetirýän täsiri barada gürrüň etdiler. Döwlet Baştutanymyz ykdysady ugruň Bitarap Türkmenistanyň oňyn täsiriniň möhüm meselesi bolup durýandygyny nygtady.

Interwýunyň ahyrynda “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy Radik Batyrşin söhbetdeşlik üçin, şeýle hem ýakyn hyzmatdaşlyk üçin Milli Liderimize minnetdarlyk bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022