Türkmenistanyň Prezidenti howanyň gyzmagy sebäpli howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmegi tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti howanyň gyzmagy sebäpli howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmegi tabşyrdy
Döwlet Baştutanymyz köçelerdäki yşyklarda, maglumat tablolarynda ulanylýan energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerine seretmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde we paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagyndaky geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda howanyň gyzmagy bilen baglanyşykly goşmaça howpsuzlyk çäreleriniň görülmegi bilen bagly tabşyryklary berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, binalarda sowadyjy enjamlaryň ulanylyşynyň artýandygyny nazara alyp, energiýanyň harçlanyşyna gözegçilik ýola goýulmalydyr diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi we köçelerdäki yşyklarda, maglumat tablolarynda ulanylýan energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerine seretmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyn howpsuzlygy düzgünini berjaý etmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ýangyn howpsuzlygy düzgünleri boýunça düşündiriş çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi boýunça tabşyryklar berdi.

Şeýle hem, Milli Liderimiz tomus möwsüminiň gelmegi bilen howanyň gyzýandygyny, onuň bolsa adam saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň arasynda düşündiriş çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi.