“Aýdyň gijeler” rus mikroelektronika öndürijisi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Aýdyň gijeler” rus mikroelektronika öndürijisi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar
“Aýdyň gijeler” kompaniýasynyň amala aşyrýan iri taslamalarynyň arasyna “Aşgabat siti” ýaşaýyş toplumyny elektrotehnologiýa enjamlary bilen üpjün etmek hem girýär.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen Russiýanyň “Mikron” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi sahypasynda penşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu Ähtnama obýektleri kesgitlemek, senagat harytlaryny belgilemek, uzakdan giriş ulgamlarynyň üpjünçiligi, Türkmenistanda elektron resminamalaryň, smart-kartlaryň we RFID enjamlarynyň önümçiligini ýola goýmak üçin prelamlaryň we inleýleriň üpjünçiligi boýunça taslamalary işläp taýýarlamak üçin bilelikde iş alyp barmaga mümkinçilik berer.

Ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan “Aýdyň gijeler” kompaniýasynyň bäsdeşlige ukyply, resurs we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa elektron we elektrik senagaty döretmäge gönükdirilen Döwlet maksatnamasynyň çäginde esaslandyrylan ilkinji ýerli kärhanalaryň biridigi barada habarda bellenilýär.

“Aýdyň gijeler” kompaniýasynyň amala aşyrýan iri taslamalarynyň arasyna “Aşgabat siti” ýaşaýyş toplumyny elektrotehnologiýa enjamlary bilen üpjün etmek hem girýär.

1964-nji ýylda döredilen "Mikron" paýdarlar jemgyýeti Russiýada iň uly mikroelektronika öndürijileriň we eksport edijileriň biridir.

2022