Daşoguzda boýag we kafel ýelimini öndürýän kärhana gurulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda boýag we kafel ýelimini öndürýän kärhana gurulýar
Ulanylyşa girizilenden soňra kärhana ýylda ýüzlerçe tonna boýag we kafel ýelimini öndürip biler.

“Galkynan ykbal” hususy kärhanasy Daşoguz şäherinde suw esasly boýaglary we kafel ýelimlerini öndürýän täze kärhananyň gurluşygyna başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ýerde guruljak binalaryň binýadyny goýmak boýunça işler alnyp barylýar. Täze kärhananyň düzümine iki sany önümçilik sehi, dükan, çig mallary we taýýar önümleri saklamak üçin ammar, şeýle hem tehniki enjamlar üçin niýetlenen desgalar girer.

Ulanylyşa girizilenden soňra kärhana ýylda ýüzlerçe tonna boýag we kafel ýelimini öndürip biler. Öndürilýän önümleri plastik gaplara gaplamak göz öňünde tutulýar.

“Galkynan ykbal” hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydyr. Hususy kärhana täze binany gurmak üçin döwlet tarapyndan bir gektardan gowrak ýer uzak möhletleýin bölünip berildi.

2022