Gyýanlydaky polimer zawody we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyna geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren giňişleýin mejlisinde bu zawodlaryň işini ýokarlandyrmak hem-de “Türkmengaz” döwlet konsernini özüne mahsus bolmadyk wezipelerden boşatmak üçin zawodlary “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyna bermek barada karara gelendigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ýokarda agzalan konsernleriň ýolbaşçylaryna bu kärhanalary hasapdan-hasaba bermek hakyndaky ähli namalary gysga möhletde resmileşdirmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, milli Liderimiz nebit guýularyny abatlamak işlerini öz wagtynda geçirip, harytlyk nebitiň gaýtadan işleýän kärhanalara bökdençsiz ugradylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak we sarp edijileriň bu önüm bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny ýokarlandyrmak üçin ýerasty gaz saklawhanalaryny gurmak meselesine işjeň çemeleşmegiň zerurdygy bellenildi.
Gyýanly gazhimiýa toplumy Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy we 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda açylyp ulanmaga berildi. Toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Bu toplum ýylda 381 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenendir.
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod 2019-njy ýylda gurlup ulanmaga berildi. Kärhanada ýylda 1 milliard 785 million kub metr “mawy ýangyjy” gaýtadan işlemek we EURO-5 standartyna gabat gelýän EСO-93 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny hem-de dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy öndürmek göz öňünde tutulýar.