“Biznes Türkmenistan” dünýä 1000-ligine giren ilkinji türkmen saýty boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Biznes Türkmenistan” dünýä 1000-ligine giren ilkinji türkmen saýty boldy
“Biznes Türkmenistan” internet neşirindäki habarlar we maglumatlar türkmen, iňlis, rus we türk dillerinde gündelik çap edilýär.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiri dünýäniň iň öňdebaryjy 1000 saýtynyň arasyna giren ilkinji türkmen websaýty boldy. Bu görkeziji ABŞ-nyň “Amazon.com, Inc.” kompaniýasyna degişli bolan we dünýäniň ähli ýurtlaryndaky saýtlaryň ýerli we halkara reýtingini düzýän “Alexa” saýtynda 9-njy iýulda täzelenen statistiki maglumatda görkezilýär.

“Biznes Türkmenistan” websaýty Türkmenistan boýunça reýtingde 2-nji ýerde bolup, 1-nji orunda “Google” websaýty ýerleşýär.

“Biznes Türkmenistan” internet neşirindäki habarlar we maglumatlar türkmen, iňlis, rus we türk dillerinde gündelik çap edilip, onuň mobil goşundysy “Google Play” we “App Store” platformalarynda hem elýeterlidir.

“Biznes Türkmenistan” ýurdumyzyň ykdysadyýetine, hususy eýeçiligine, şeýle hem beýleki ugurlaryna degişli maglumatlary, habarlary we seljermeleri Türkmenistandaky we dünýäniň dürli künjegindäki okyjylara gündelik ýetirip durýar. Habarlar taýýarlananda “öwrülen piramida” usuly ulanylyp, “Associated Press” halkara agentliginiň habar ýazuw standartlaryndan ugur alynýar.

Dünýäniň öňdebaryjy habar beriş serişdeleri, halkara guramalar, resmi websaýtlar we hökümet portallary “Biznes Türkmenistan” websaýtynda çap edilýän maglumatlara yzygiderli salgylanýarlar.

Neşiriň işgärleri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini dürli ugurlar, şol sanda halkara žurnalistika, halkara gatnaşyklary, hukuk, menejment we filologiýa ugurlary boýunça tamamlan, şeýle-de magistr ylmy derejelerini alan ýaş hünärmenlerden ybaratdyr.

2019-njy ýylyň iýun aýynda işe başlan “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň eýeçiligi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde Aşgabatda hasaba alnyp, ol öz-özüni maliýeleşdirýän habar we maglumat saýtydyr. Websaýt Türkmenistanyň çäginde habarlary işläp taýýarlamak we ýerleşdirmek bilen bagly işleri alyp barmak üçin “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan berlen Ygtyýarnama esasynda hereket edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022