“Markow” kofe önümleri ilkinji gezek daşary ýurda eksport edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Markow” kofe önümleri ilkinji gezek daşary ýurda eksport edildi
“Toýly” hojalyk jemgyýeti sişenbe güni 20 tonna töweregi “Markow” haryt nyşanly kofe önümlerini Russiýa ugratdy.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän kofe we kofe önümlerini öndürýän “Toýly” hojalyk jemgyýeti önümlerini ilkinji gezek daşary ýurda eksport etdi. Kärhana sişenbe güni 20 tonna töweregi “Markow” haryt nyşanly kofe önümlerini Russiýa iberdi.

Kompaniýanyň önümçilik sehiniň ýolbaşçysy Ogulbagt Baýramdurdyýewanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, kompaniýa häzirki wagtda Gazagystan, Özbegistan we Dubaý ýaly ýurtlara önümlerini ibermek barada gepleşikleri geçirýär.

Hojalyk jemgyýeti “Markow” haryt nyşanly klassyky, kapuçino, moka, funduk, latte tagamly (1-de 3) kofeleri, ereýän sublinirlenen kofeleri, nespresso kapsula kofeleri, üwelen espresso kofeleri we gowurylan kofe däneleri öndürýär.

Kärhananyň önümçilik sehleri Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Önümçilikde ulanylýan çig mallar Indoneziýa, Braziliýa, Wýetnam, Malaýziýa, Awstraliýa, Türkiýe ýaly döwletlerden getirilýär.

2022