Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana ugrady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana ugrady
Özbegistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy bilen Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.

Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň sammitiň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer.

Şu ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäreleri geçiriler. Olar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan, Merkezi Aziýa döwletleriniň halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisinden, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybaratdyr.

2022