Türkmenistan Türkiýä ynsanperwerlik kömegini iberer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Türkiýä ynsanperwerlik kömegini iberer
Türkiýede güýçli tokaý ýangynlary 28-nji iýulda başlandy. (Surat: AP)

Türkmenistan Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Şeýle hem Daşary işler ministrligi Türkiýä ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Türkiýede güýçli tokaý ýangynlary 28-nji iýulda başlandy. Ýangynlar dynç alyş merkezleri ýerleşýän kenarýaka sebitleriniň birnäçesini, şeýle hem Antalýa we Mugla welaýatlarynda ýüze çykdy. Häzirki wagtda Türkiýäniň ýangyn söndürijileri ýurtdaky ähli tokaý ýangynlaryny gözegçilik etmegi başardylar.

2022