TDHÇMB-de türkmen nebithimiýa önümleri we lukmançylyk maksatly serişdeler satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-de türkmen nebithimiýa önümleri we lukmançylyk maksatly serişdeler satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 5 million 360 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň işewürler toparlarynyň wekillerine daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümler, float aýna we nah ýüplük ýerlenildi.

Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Gazagystanyň işewürleri bahasy 35 million 867 müň manatlykdan gowrak lukmançylyk maksatly serişdelerini we nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen “Türkmenaglomerat” kondisiýasyz polipropileni we gaplaýyş plýonkasyny satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 2 million 970 müň manat boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

2022