Lebabyň sement zawody 471 müň tonna golaý portlandsement öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebabyň sement zawody 471 müň tonna golaý portlandsement öndürdi
Bu ýerde öndürilen sement önümleri diňe bir içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, daşary ýurt bazarlaryna hem eksport edilýär.

Lebabyň sement zawodynda şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda portlandsementiniň M-400, M-500 görnüşleriniň 470 müň 924 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habara görä, önümçilik kuwwaty ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen bu zawodyň geçen ýedi aýdaky ösüş depgini 107,79%-e deň boldy.

Bu ýerde öndürilýän M-400, M-500 kysymly portlandsementi öz hili babatda ýokary derejede bolmak bilen, halkara ülňülere doly laýyk gelýär diýip, habarda bellenilýär.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän sement zawody 2013-nji ýylyň fewral aýynda işe girizildi. Bu ýerde öndürilen sement önümleri diňe bir içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, daşary ýurt bazarlaryna hem eksport edilýär.

Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary – bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly täze portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy.

2022