Daşary ýurt işewürleri türkmen awtobenzinini we nah ýüplügini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurt işewürleri türkmen awtobenzinini we nah ýüplügini satyn aldylar
Daşary ýurtly işewürler nah ýüplügini we distillirlenmedik pagta soapstogynyň çig ýagly kislotalaryny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 2 million 391 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Şeýle-de Russiýanyň, Türkiýäniň, Irlandiýanyň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şotlandiýanyň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 8 million 322 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügini we distillirlenmedik pagta soapstogynyň çig ýagly kislotalaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.

2022