“Ajap önüm” Özbegistana togtadyjy kolodkalaryny eksport etmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ajap önüm” Özbegistana togtadyjy kolodkalaryny eksport etmekçi
Kompaniýanyň “Gunt” haryt nyşany bilen öndürýän togtadyjy kolodkalary içerki bazarda 2020-nji ýylyň öňüsyrasynda satuwa çykaryldy.

Türkmenistanda togtadyjy kolodkalary öndürýän “Ajap önüm” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda önümlerini eksport etmekde özbek işewürleri bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda duşenbe güni habar berildi.

Habara görä, daşary ýurtly hyzmatdaşlar kompaniýanyň harytlarynyň ýokary hili we amatly bahasy gyzyklandyrdy.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän bu kompaniýa her ýyl ortaça 300 müň toplum kolodkalary öndürmäge ukyplydyr. Kärhana Türkmenistanda ulanylýan awtoulaglaryň aglabsyna gabat gelýän kolodkalary öndürýär.

Bu ýerde önümçilik tehnologiýalarynyň ekologiýa taýdan zyýansyz bolmagyna uly ähmiýet berilýär. Kompaniýa 2019-njy ýylyň 26-njy dekabrynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan togtadyjy kolodkalar üçin laýyklyk sertifikatyny aldy.

Kompaniýanyň “Gunt” haryt nyşany bilen öndürýän togtadyjy kolodkalary içerki bazarda 2020-nji ýylyň öňüsyrasynda satuwa çykaryldy.

2022