“Dragon Oil” nebit önümçiligini iki essä golaý artdyrmagy maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Dragon Oil” nebit önümçiligini iki essä golaý artdyrmagy maksat edinýär
Kompaniýa işiniň esasy bölegini Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde alyp barýar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon Oil” nebit-gaz kompaniýasy häzirki wagtda gününe 160 müň barrele deň bolan nebit önümçiligini 2026-njy ýyla çenli gününe 300 müň barele çenli ýokarlandyrmak strategiýasyny işläp düzdi. Bu barada kompaniýanyň direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýekşenbe güni Dubaýda geçirilen metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, BAE-nyň döwlet metbugaty habar berýär.

“Dragon Oil” kompaniýasy dünýädäki, şol sanda Türkmenistandaky, Yrakdaky we Müsürdäki täze mümkinçilikleri açmak arkaly durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi maksat edinýär diýip, Al Jarwan belledi.

Kompaniýanyň 2020-nji ýylda oňyn netije gazanandygyny aýdan Al-Jarwan dünýäde ähli kompaniýalaryň COVID-19 pandemiýasy sebäpli kynçylyklara sezewar bolandygyna garamazdan, “Dragon Oil”-yň 2021-nji ýylda durnukly ösüşini saklamagy dowam edýändigini belledi.

Pandemiýa döwründe kompaniýa umumy we iş bilen bagly çykdajylaryny 35% azaldandygyna garamazdan, hünärmenleriniň öz iş ýerlerinde saklanyp galmaklaryny üpjün etdi. Şeýle hem kompaniýa sanly çözgütleri hem-de täze energiýa innowsiýalaryny girizmekde öňdebaryjylaryň hatarynda bolmak bilen daşary ýurtdaky taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini dowam etdirip, maliýe durnuklylygyny saklamagy başardy diýip, Ali Raşid Al Jarwan aýtdy.

Kompaniýanyň direktory dünýädäki çig nebitiň bir barreliniň bahasy 75 ABŞ dollaryna çenli ýokarlanmagy sebäpli “Dragon Oil” kompaniýasynyň girdejileriniň şu ýyl ýokarlanmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

“Dragon Oil” Dubaý emirliginiň hökümetiniň doly eýeçiligindäki nebit we gaz gözleg, özleşdiriş we önümçilik kompaniýasydyr. Kompaniýa işiniň esasy bölegini Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde alyp barýar.