Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 2064 adam tussaglykdan boşadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 2064 adam tussaglykdan boşadylar
Türkmenistanda iş kesilen raýatlaryň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli günäsi geçiler.

Türkmenistanda Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli iş kesilen raýatlaryň 2 müň 58-si we daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy mundan beýläk jeza çekmekden boşadylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda degişli Kararlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çary Amanowa hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen raýatlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen raýatlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen raýatlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

2022