Türkmenistanyň we Eýranyň baş diplomatlary sebitdäki meseleleri maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Eýranyň baş diplomatlary sebitdäki meseleleri maslahatlaşdylar
Raşid Meredow ýakynda Eýranyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň Täjigistanda geçirilen duşuşygyny ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň öwrüm nokady hökmünde häsiýetlendirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we eýranly kärdeşi Huseýin Amirabdollahianyň arasynda ýekşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny, Owganystandaky wakalary, şeýle hem ýakynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sammitini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň başlygy ýakynda Eýranyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň Täjigistanda geçirilen duşuşygyny ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň öwrüm nokady hökmünde häsiýetlendirdi hem-de Liderleriň gazanan ylalaşyklaryny durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Amirabdollahian hem öz gezeginde Meredowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen ýene bir gezek gutlady. Şeýle hem Eýranyň 13-nji hökümetiniň goňşy ýurtlar boýunça syýasatyna ünsi çekdi we Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň möhümdigini hem-de iki ýurduň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Prezidentleriň duşuşygynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmekde Eýranyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrlikleriniň gönüden-göni jogapkärçiligini nygtadylar. Şeýle hem taraplar ýakyn wagtda Tähranda bilelikdäki komissiýanyň geçirilmegini çaltlaşdyrmak hem-de transport we söwda hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri geçirmek boýunça ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi sentýabr aýynyň ortalarynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň çäginde gepleşikleri geçirdiler. Döwlet Baştutanlary duşuşykda ikitaraplaýyn energiýa we transport gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky tebigy gaz meselesini çözmek barada ylalaşdylar.