Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar amala aşyrar
Duşuşygyň barşynda gazak-türkmen syýasy, söwda we ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi, şeýle-de sebit howpsuzlygy baradaky meselelerine seredildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda sişenbe güni Nur-Soltan şäherinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Meredow Gazagystanyň liderine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza döwlet saparyny amala aşyrmak boýunça çakylygyny gowşurdy.

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, Kassym-Žomart Tokaýew ýakyn wagtda iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelmäge taýýardygyny tassyklady we gazak-türkmen strategiki hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlaryna täze itergi bermegiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Türkmenistanda geçirilen üçünji konsultatiw duşuşygynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, ýygnakda taraplar gazak-türkmen syýasy, söwda we ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi, şeýle hem sebit howpsuzlygy baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk işleri barada hem pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystana geldi.

2022