Türkmen kärhanasy göterijiligi 5300-8100 tonna deň bolan ýük gämisini gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kärhanasy göterijiligi 5300-8100 tonna deň bolan ýük gämisini gurar
Gäminiň gurluşygynda ýurdumyzyň hünärmenleriniň bu ulgamda daşary ýurtlaryň önümçilik tejribesini öwrenmegine mümkinçilik dörär.

Türkmenistanda halkara ýük daşamalary bilen meşgullanýan “Hazar logistik” hususy kärhanasynyň “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody ýük göterijiligi 5 müň 300–8 müň 100 tonna aralygynda bolan gury ýük daşaýjy gämini gurmagy göz öňünde tutýar.

Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen hökümet maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, gämi gurluşyk işleriniň dowamynda täze iş orunlarynyň hem-de ýurdumyzyň hünärmenleriniň bu ulgamda daşary ýurtlaryň önümçilik tejribesini öwrenmegine mümkinçilikleriň dörejekdigi barada Çakyýew aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyz üçin düýbünden täze bolan bu önümçiligiň Türkmenistanyň gämigurluşygyny ösdürmäge esas bolandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz zawodyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, dünýäniň iň oňat tejribesini düýpli öwrenmek hem-de iş ýüzünde peýdalanmak boýunça zerur işleriň seljerilmelidigini belledi. Şonuň esasynda milli Liderimiz agentligiň ýolbaşçysyna dürli gämileriň çykarylmagyny ýola goýmak baradaky meseläni öwrenmegi, göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Hazar logistik” hususy kärhanasy halkara ýük daşamalary bilen meşgullanýar.

2022