“Ronesans” türk kompaniýasy we Alžiriň “Sonatrach” döwlet nebit kompaniýasy 2025-nji ýylda ýyllyk kuwwatlygy 450 müň tonna bolan polipropilen (PP) zawodyny işe girizmegi meýilleşdirýärler. Bu barada “Argus Media” baha kesiji gullugy sişenbe güni habar berdi.
Habara görä, täze zawodyň gurluşygy ýakyn wagtda Türkiýäniň Mersin we Iskenderun portlaryna we nebithimiýa önümlerine islegi köp bolan sebitleriň golaýynynda döredilen Jeýhan senagat zolagynda başlamagy meýilleşdirilýär. Taslamanyň bahasy 1 milliard 700 million ABŞ dollaryna barabardyr.
Alžiriň “Sonatrach” döwlet nebit kompaniýasy täze zawody 2040-njy ýyla çenli ýylda 550 müň tonna çig mal bilen üpjün eder.
Türkiýe 2020-nji ýylda 2 million tonna polipropilen import etdi. Täze zawodyň işe girizilmegi ýurduň polipropilen importyny azaltmaga ýardam eder.
Häzirki wagtda “Petkim” kompaniýasy Türkiýede ýeke-täk polipropilen öndüriji kärhanadyr. Aliaga şäherinde ýerleşýän bu kärhana ýylda 150 müň tonna polipropilen öndürmäge ukyplydyr.