Türkmen hususyýetçileri 245 müň tonna gök we miwe önümlerini ýygnamakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususyýetçileri 245 müň tonna gök we miwe önümlerini ýygnamakçy
Türkmen telekeçileri 9 müňden gowrak gektar meýdanda gök-bakja ekinlerini ekmek meýilleşdirýärler.

Şu ýylyň dowamynda hususyýetçiler tarapyndan 22 müň 400 gektar meýdanda gök-bakja we miwe ekinlerini ekmek we ondan 245 müň tonna golaý hasyl almak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) müdiriýetiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýy boýunça iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, maslahatyň dowamynda D.Hudaýberdiýew hasabat bilen çykyş edip, ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygyny döretmekde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde, eksporta niýetlenen önümleriň mukdaryny we görnüşini artdyrmakda hem-de täze iş orunlaryny döretmekde birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

TSTB-nyň başlygy 9 müň 162 gektar meýdanda gök-bakja ekinlerini ekmek we ondan 174 müň 407,5 tonna hasyl almak, 13 müň 246 gektar meýdanda 70 müň 523 tonna miwe we üzüm ýetişdirmek işleriniň meýilleşdirilendigini aýtdy.

Şeýle hem, Hudaýberdiýew häzirki döwürde birleşmäniň agzalaryna degişli umumy meýdany 530,54 gektara deň bolan ýyladyşhanalaryň 500 gektarynda 2021-2022-nji ýyllaryň ekiş möwsüminde pomidor ekilip, 85 müň tonna hasyla garaşylýandygyny habar berdi. Ýetişdiriljek hasylyň köp bölegini eksporta ugratmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, TSTB-nyň başlygy hasabatynda hususyýetçiler tarapyndan sowadyjy ammarlaryň onlarçasynyň gurlandygyny belldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda hususy işewürlik ulgamynyň pugta binýadynyň döredilendiginden peýdalanyp, halkymyzy özümizde öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem Türkmen Lideri hususy taraplaryň maýa goýum taslamalaryny işjeň durmuşa geçirmek arkaly, oba hojalyk, azyk we senagat ugurly önümçilikleri giň gerim bilen döretmegiň wajypdygyny nygtady.

2022