Awstriýaly kompaniýa Wenada türkmen halylarynyň dükanyny açmagy teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awstriýaly kompaniýa Wenada türkmen halylarynyň dükanyny açmagy teklip etdi
Piter Gindl geljekde türkmen halylarynyň mahabatyny ösdürmek esasynda bu ugurda gowy netijeler gazanylar diýip ynam bildirdi.

Awstriýanyň «Europe Consult GmbH» kompaniýasy türkmen tarapyna Wena şäherinde söwda dükanyny açmagy we halylaryň we haly önümleriniň söwdasyny ýola goýmagy teklip etdi. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Piter Gindl Türkmenistanyň we Awstriýanyň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda sişenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda aýdyp geçdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Piter Gindl geljekde türkmen halylarynyň mahabatyny ösdürmek, şeýle-de ýewropaly müşderileriň isleglerini öwrenmek esasynda bu ugurda gowy netijeler gazanylar diýip ynam bildirdi.

“Ýewropaly hem-de türkmenistanly işewürleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek biziň esasy maksadymyzdyr. Ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek babatda 20 ýyldan gowrak iş tejribämiz bar” diýip, kompaniýanyň baş direktory belledi.

Gindliň aýtmagyna görä, kopmaniýa golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalarynyň ýetişdiren ýyladyşhana önümleriniň Awstriýa eksport edilmegine ýardam berdi.

“Türkmen telekeçileriniň talaplary we bäsdeşligi örän ýokary bolan Ýewropa bazaryna çykmagy uly üstünlikdir. Güneşli ülkede biten ekologik taýdan arassa, süýji tagamly önümlere bu sebitde uly isleg bildirilýär” diýip, Gindl geljekde iki ýurduň işewür hyzmatdaşlygynyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň awstriýaly wekiliýet bilen geçirilen duşuşygy Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhartyň Aşgabat şäherine eden saparynyň çäginde geçirildi. Awstriýanyň wekiliýetiniň düzümini dürli ugurlarda ýöriteleşen iri kompaniýalaryň, şeýle hem ýurduň Federal ykdysady palatasynyň wekilleri düzýär.