Türkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Owganystan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow ýurdumyzyň TOPH we beýleki bilelikdäki ykdysady taslamalara ygrarlydygyny tassyklady.

Owganystanyň Hyrat welaýatynda şenbe güni owgan we türkmen resmileriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda taraplar bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

“TOLOnews” owgan teleýaýlymynyň habar berşi ýaly, konferensiýa Owganystanyň magdan we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Mohammad Isa, Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow we iki ýurduň degişli pudaklarynyň resmileri gatnaşdylar.

Gepleşiklerde esasan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi bilen bir hatarda, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy we demir ýollary ýaly bilelikdäki taslamalaryň Owganystanda amala aşyrylyp başladylmagy ýaly meselelere üns berildi.

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi ýurdumyzyň TOPH we beýleki bilelikdäki ykdysady taslamalara ygrarlydygyny tassyklady.

“Biz Türkmenistanyň adyndan bu ýere owgan resmileri bilen TOPH, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisi (TAP), we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny hem-de demir ýoly ara alyp maslahatlaşmak üçin geldik. Bilelikde bu taslamalaryň gaýtadan dikeldilmegi maksady bilen çözgütleri taýýarlamak üçin iki ýurt tarapyndan birnäçe toparlar döredildi” diýip, ilçi Öwezow aýtdy.

“Biz TOPH taslamasynyň tehniki taraplaryny we meýdan işlerini ara alyp maslahatlaşdyk. Ol ýakyn geljekde durmuşa geçiriler” diýip, Hyrat welaýatynyň Häkimi Nur Ahmad Islam Jar duşuşykda belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow oktýabr aýynyň ahyrynda Kabul şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň hem-de TOP elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň işjeňleşdirilmegine seredilip geçildi.

2022