Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezi dörediler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Halkara habarlar merkezini döretmek baradaky teklibi tassyklady.
Bu baradaky teklibi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň hasabatynda hödürledi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, merkeziň işini üç esasy wezipäni, ýagny Türkmenistan barada maglumatlary döwrebap media tehnologiýalarynyň üsti bilen yzygiderli esasda dünýä jemgyýetçiligine dessin ýaýratmak, dünýäde bolup geçýän halkara ähmiýetli möhüm syýasy, ykdysady we durmuş wakalary barada anyk maglumatlary ýurdumyzyň habar beriş ulgamynda beýan etmek hem-de halkara derejede işleýän habar beriş agentlikleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak, saklamak we ösdürmek wezipelerini amala aşyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem, Raşid Meredow 2022-nji ýylda ýurdumyzda daşary döwletleriň birnäçe iri halkara habar beriş edaralarynyň wekilhanalaryny açmak baradaky teklipleri hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan hödürlenen teklipleri makullap, guramaçylyk meselelerini içgin öwrenmegi hem-de milli kanunçylyga we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.