“Agaýana” kompaniýasy agaç gapylary we dürli mebelleri öndürmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Agaýana” kompaniýasy agaç gapylary we dürli mebelleri öndürmekçi
DSP mebelleriň dürli görnüşlerini öndürmekde, tekje we gapy ýasamakda ulanylýar.

Türkmenistanda ýeke-täk DSP öndürýän “Agaýana” hususy kärhanasy agaç gapylary we dürli mebelleri öndürmegi meýilleşdirýär.

Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginde ýerleşýän kompaniýa esasan gowaça çöpünden peýdalanmak arkaly agaç gyryndylaryndan taýýarlanylýan örtükleri (DSP) öndürýär. 3,5 gektar meýdany eýeleýän önümhananyň ýyllyk kuwwaty 20 müň kubmetr DSP öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Kärhanada 80-den gowrak hünärmen zähmet çekip, olar galyňlygy 8 millimetrden 24 millimetre çenli bolan 1,83-2,75 metr ölçegdäki DSP-leri öndürýärler.

Kompaniýa 2021-nji ýylyň tomsunda Azerbaýjan, Özbegistan hem-de Owganystan ýaly döwletlere önümleriniň eksportyny ýola goýupdy.

Geçen ýylyň sentýabrynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) “Agaýana” kompaniýasyna 2 million ABŞ dollary möçberinde karz pul serişdesini gönükdirmegi makullapdy.

DSP-ler esasan, üçekleri we diwarlary örtmekde ulanylýar. Mundan başga-da, DSP mebelleriň dürli görnüşlerini öndürmekde, tekje we gapy ýasamakda, germewleriň gurluşygynda, jaýlary bezemekde ulanylýar.

2022