ÝTÖB Türkmenistanyň ýeke-täk DSP öndürijisine $2 million karz berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB Türkmenistanyň ýeke-täk DSP öndürijisine $2 million karz berýär
Karz serişdeleri kärhananyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga we öndürýän önümleriniň görnüşini giňeltmek üçin dürli enjamlary satyn almaga sarp ediler.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Türkmenistanda ýeke-täk DSP öndürýän “Agaýana” hususy kärhanasyna 2 million ABŞ dollary möçberinde karz pul serişdesini gönükdirmegi makullady. Bu barada ÝTÖB-niň internet sahypasynda çarşenbe güni habar berildi.

ÝTÖB-niň habar berşi ýaly, bu karz serişdeleri kärhananyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we öndürýän önümleriniň görnüşini giňeltmek üçin dürli enjamlary satyn almaga sarp ediler.

Bu taslamanyň maksady “Agaýana” HK-nyň önümçiligini artdyrmakdan we önümleriniň görnüşini diwersifikasiýalaşdyrmakdan we onuň bazardaky ornuny has-da berkitmekden ybaratdyr.

Şeýle-de taslama telekeçi Nurmyrat Berdiýewiň eýeçiligindäki kompaniýanyň Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly döwletlere eksportynyň giňeltmegini maksat edinýär.

Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginde gurluşyk serişdelerini öndürýän “Agaýana” hususy kärhanasy ýerli çig mallary peýdalanmagyň hasabyna gurluşykda, hojalyk şertlerinde we beýlekilerde giňden ulanylýan DSP öndürýär. Bu önümçilikde hünärmenler hasyly alnan gowaça çöpüniň galyndylaryny hem-de agaç gyryndylaryny giňden peýdalanýarlar. Kärhananyň kuwwaty ýylda 20 müň kub metr DSP öndürmäge niýetlenendir.

2022