Pakistanda TOPH taslamasynyň meselelerine seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistanda TOPH taslamasynyň meselelerine seredildi
Yslamabat, Pakistan

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Pakistanyň Goşun bölüminiň başlygy, general Jawed Bajwa bilen ýurduň goşunynyň baş edara binasynda duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy bilen bagly meselelere garaldy. Bu barada Pakistanyň goşunynyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi

Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň bilelikdäki energiýa taslamalary boýunça gepleşikleri alyp barmak üçin 30-njy ýanwardan 4-nji fewral aralygynda Yslamabat şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

Beýanatda aýdylmagyna görä, Hajiýew bilen Bajwaň arasyndaky geçirilen duşuşygyň dowamynda sebitara taslamalar, şol sanda TOPH gaz geçirijisi ýaly dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owganystandaky ynsanperwer meselelerine ünsi çekip, türkmen resmisi Pakistanyň sebitdäki durnuklylyk ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi. Şeýle hem, diplomat iki ýurduň arasyndaky has gowy gatnaşyklar üçin işlemegini dowam etdirjekdigini wada berdi.

Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

TOPH gaz geçirijisiniň owgan bölegi ýurduň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk sebitinden gözbaş alar we Hyrat şäheriniň üsti bilen Owganystanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Kandagar şäherine çenli uzar.

2022