Ýurdumyzyň paýtagtynda Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkezi gurlar.
Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, “Dokmaçylar” medeni merkeziniň binasy Aşgabat şäheriniň Seýdi köçesiniň ugrunda gurlar. Dokma senagaty ministrligi binanyň taslamasyny düzmek we ony enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Dokmahyzmat” döwlet kärhanasy bilen şertnama baglaşar.
Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanyp, binany 2024-nji ýylyň fewral aýynda doly ulanmaga berler.
Maslahatyň dowamynda Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýet we sungat pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde medeni merkezleriň ähmiýetini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda döwletimizi ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.