Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistanyň Baştutanynyň çakylygy boýunça ýurdumyza şu ýylyň 1-4-nji apreli aralygynda döwlet sapar bilen geler. Bu barada Hindistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni habar berdi.
Bellenilişi ýaly, bu Hindistanyň Baştutanynyň Türkmenistana taryhda ilkinji sapary bolar.
Saparyň dowamynda Hindistanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirip, taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini, şol sanda şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen Hindistan-Merkezi Aziýa sammitiniň netijeleriniň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşarlar.
Şeýle hem, saparyň dowamynda ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň ençemesine gol çekilmegine garaşylýar.
Türkmenistana meýilleşdirilýän saparyndan soňra, Hindistanyň lideri Kowind Patyşa Willem-Aleksandryň hem-de Şa aýaly Maksimanyň çakylygy boýunça Niderlandlar Patyşalygyna döwlet sapar bilen barar.