Türkmenistanda kärende şertnamasynda nämeler görkezilmeli?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda kärende şertnamasynda nämeler görkezilmeli?
Kärende şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar. Türkmenistanyň degişli kanunçylygyna laýyklykda, emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy muňa degişli däldir.

“Kärende hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, kärende şertnamasy kärendesine beriji bilen kärendeçiniň arasynda taraplaryň meýletinlik we deňhukuklylyk başlangyçlarynda baglaşylýar we kärende gatnasyklarynyň ýüze çykmagy, üýtgemegi we bes edilmegi üçin esas bolup durýar.

Kärende şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar. Türkmenistanyň degişli kanunçylygyna laýyklykda, emlägiň kireýine ulanylmaga berilmeginiň şertnamasy muňa degişli däldir.

Kärende şertnamasy boýunça kärendesine beriji kärendeçä hojalyk işini özbaşdak amala aşyrmak ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga maksatlar üçin kesgitlenen emlägi ylalaşylan tölege wagtlaýyn peýdalanmak üçin bermäge borçludyr.

Kärendeçi kärendesine alnan emlägi kärende şertnamasynyň şertlerine laýyklykda, emlägiň niýetlenilişine görä peýdalanmaga hem-de kärende şertnamasynda ylalaşylan kärende tölegini tölemäge borçludyr.

Kärende şertnamasynda nämeler görkezilmeli?

Kärende şertnamasynda şu aşakdakylar görkezilýär:

  1. şertnamanyň taraplarynyň ady, hukuk salgysy we maglumatlary;
  2. kärende obýektiniň ady, görkezijileri, düzümi, sany, bahasy, ýerleşýän ýeri we kärende obýektiniň peýdalanylmagynyň maksady;
  3. kärendesine berilýän emlägiň berilmeginiň şertleri we tertibi, kärendäniň möhleti;
  4. kärende töleginiň möçberi, özara hasaplaşyklaryň tertibi we möhletleri;
  5. kärende şertnamasyny üýtgetmegiň ýa-da bes etmegiň, möhletini uzaltmagyň we (ýa-da) üýtgetmegiň tertibi we şertleri;
  6. taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi, şol sanda:

a) kärendesine berijiniň şertnamada bellenilen maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça peýdalanylmagy üçin ýaramly bolan emlägi kärendeçä bermek hem-de kärendesine berilýän emläge üçünji şahslaryň hukuklary hakynda duýdurmak borjy;

b) kärendeçiniň şertnama bes edilenden soň, kärendesine alnan emlägini dogry peýdalanmagynyň netijesinde dörän kadaly könelmäni hasaba almak bilen ony alan ýagdaýynda kärendesine berijä gaýtarmak borjy;

ç) kärendesine beriji bilen kärendeçiniň arasynda kärendesine alnan emlägiň ulanylmagy we abatlanylmagy boýunça borçlaryň paýlanylmagy;

d) kärendeçiniň kärendesine alnan emlägi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda ätiýaçlandyrmak borjy;

e) kärendesine beriji tarapyndan kärendesine berlen emlägiň ýagdaýyna gözegçiligiň amala aşyrylmagynyň tertibi;

       7. kärende şertnamasynda kärendäniň gaýry şertleri hem göz öňünde tutulyp bilner.

Çeşme: “Kärende hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022