Türkmenistanda öndürilen togtadyjy kolodkalar goňşy ýurtlara eksport edilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda öndürilen togtadyjy kolodkalar goňşy ýurtlara eksport edilýär
“Gunt” haryt nyşanly togtadyjy kolodkalar içerki bazarda 2020-nji ýylyň öňüsyrasynda satuwa çykaryldy.

Türkmenistanda togtadyjy kolodkalary öndürýän “Ajap önüm” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň fewral aýynda önümlerini Özbegistana we Täjigistana eksport edip başlady. Şeýle hem, ýakynda kompaniýa Azerbaýjana önüminiň synag tapgyryny iberdi.

Kärhananyň wekiliniň duşenbe güni Biznes Türkmenistan internet neşirine beren maglumatlaryna görä, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän kärhanada şu ýylyň mart aýynda täze “Optimus” haryt nyşanly togtadyjy kolodkalarynyň önümçiligine badalga berildi we täze önümiň tapgyry Özbegistana eksport edildi.

Mundan başga-da, “Ajap önüm” kärhanasy önümleriniň nusgalaryny ABŞ-nyň “Automotive Manufacturers Equipment Compliance Agency, INC” (AMECA) kompaniniýasyna synag geçirmek üçin iberip, barlag-synaglarynyň netijesinde degişli hil hem-de ekologiýa taýdan zyýansyzlygy barada sertifikatlara mynasyp boldy.

Kompaniýanyň “Gunt” haryt nyşany bilen öndürýän togtadyjy kolodkalary içerki bazarda 2020-nji ýylyň öňüsyrasynda satuwa çykaryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022