Eýran bilen Türkmenistan saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlyga garady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran bilen Türkmenistan saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlyga garady
Duşuşygyň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow Aşgabatda Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugyna salgylanyp, Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamynda, şeýle hem lukmançylyk we derman senagaty pudagynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de dürli kesellere garşy göreşde birek-biregiň tejribesini ulanmak, ylmy alyş-çalyşlary giňeltmek we derman öndürmek bilen baglanyşykly meseleleri göz öňünde tutmak bilen, bilelikdäki ylmy-gözleg pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine seredilip geçildi.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar iki dostlukly ýurduň raýatlarynyň saglygynyň bähbidine saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagynda özara bähbitli  hyzmatdaşlygy giňeltmek gyzyklanmasyny tassykladylar.

2022