Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň häkimligi döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň häkimligi döredildi
Täze häkimligiň döredilmegi boýunça Karara Ahal welaýatyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen gol çekildi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimligi döredildi. Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen giňişleýin göçme mejlisiniň dowamynda gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, täze häkimligiň döredilmegi boýunça Karara Ahal welaýatyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen gol çekildi. 

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimliginiň gurluşynyň taslamasyny, häkimligiň işgär sanynyň möçberi baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Şeýle-de mejlisiň dowamynda Döwlet Baştutanymyz Şamuhammet Durdylyýewi Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi wezipesine bellemek boýunça Permana gol çekdi.

Täze welaýat merkezinde guruljak desgalaryň hatarynda 12 müň 324 maşgala niýetlenen 2, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, sport desgalary, edara binalary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bardyr.

2022