Türkmenistan Yslam Ösüş bankynyň umumy maýasynyň artmagyna gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Yslam Ösüş bankynyň umumy maýasynyň artmagyna gatnaşar
Yslam Ösüş bankynyň edara binasy, Jidde, Saud Arabystany

Türkmenistan Yslam Ösüş bankynyň (YÖB) umumy maýasynyň artmagyna gatnaşar. YÖB tarapyndan gelip gowuşan teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň barşynda makullady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Döwlet Baştutanymyz YÖB-niň umumy maýasyny artdyrmak işine gatnaşmak Türkmenistanda, hususan-da, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary we maksatnamalary maliýeleşdirmek babatda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde üstünlikli gatnaşyk etmäge mümkinçilik berer diýdi.

Hormatly Prezidentimiz giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda abraýly maliýe guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Yslam Ösüş banky 1973-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň maliýe ministrleriniň ilkinji konferensiýasynda döredildi. Häzirki wagtda 57 sany döwlet bankyň agzasy bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022