Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi
Konstitusiýa güni 1994-nji ýylyň 26-njy dekabrynda baýramçylyk güni hökmünde ykrar edildi we her ýyl 18-nji maýda bellenilýär.

Türkmen halky çarşenbe güni Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň gününi belledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu ýyl ýurdumyz Konstitusiýanyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllygyny belleýär.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna we baýdak sütünine gül goýmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle-de dabaralara Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri hem-de paýtagtyň ilaty ýygnandylar.

“Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gutlagynda belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen hakyna berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Konstitusiýa hem-de Döwlet baýdagynyň güni 1994-nji ýylyň 26-njy dekabrynda baýramçylyk güni hökmünde ykrar edildi we her ýyl 18-nji maýda bellenilýär.

2022