Eýran Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ilerletmäge taýýardygyny belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ilerletmäge taýýardygyny belledi
Eýranyň we Türkmenistanyň DIM-niň orunbasarlary ykdysady, esasanam energiýa, ulag we üstaşyr ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: “Mehr” agentligi)

Eýranyň Daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa meseleleri boýunça orunbasary Mehdi Safari we Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew sişenbe güni Tähranda duşuşyk geçirdiler. Onuň barşynda Eýran tarapy Türkmenistan bilen nebit, energiýa we gaz alyş-çalşygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny aýtdy.

Gepleşikler Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýygnagynyň çäklerinde geçirildi.

Taraplar ykdysady, esasanam energiýa, ulag we üstaşyr ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Eýranyň “Mehr” agentligi habar berdi.

Şeýle hem, Safari demirgazyk-günorta halkara geçelgesinde ulag daşamalary ýeňilleşdirmäge Eýranyň taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hem öz gezeginde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin söwda hyzmatdaşlygyny we özara hereketleri ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan gaz alyş-çalşygy şertnamasyna gol çekdiler. Şu ýylyň ýanwar aýynda türkmen gazy Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylyp başlandy.

Häzirki wagtda eýran tarapy Türkmenistandan Ermenistana tebigy gaz alyş-çalşygy boýunça gepleşikleri alyp barýar.

YHG hökümetara gurama bolup, ol 1985-nji ýylda esaslandyryldy. Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Owganystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkmenistan we Türkiýe guramanyň agzalarydyr.

2022