Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguzda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguzda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy
Halk Maslahatynyň Başlygy hassahanada bejergi alýan çagalara sowgatlary gowşurdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz şäherindäki köpugurly hassahana baryp, operasiýa etmäge taýýarlanýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, bu ýerde edilýän lukmançylyk hyzmatlary we onuň netijeleri bilen gyzyklandy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan degişli ýardam beriljekdigini belledi hem-de ene-atalara çagalarynyň tiz sagalmagy baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy hassahanada bejergi alýan çagalara sowgatlary gowşurdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Germanowyň we Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň baş lukmany H.Gurbanowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda hassahananyň baş lukmany bölümleriň iş tertibi, lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilişi barada gürrüň berdi.

Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlary bilen duşuşyp, oba hojalyk ylmyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we okatmagyň täze usullaryny, bilim ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, şeýle hem obasenagat toplumynyň ähli ugurlary boýunça zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň meseleleri boýunça pikir alyşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022