“Türkmen senagat” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän kärhanasynda plastik turbalaryň önümçiligi bilen meşgullanýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.
Bellenilişi ýaly, diametrleri boýunça biri-birinden tapawutlanýan turbalar 32 millimetrden başlap, 500 millimetre çenli ölçegde öndürilýär. Kiçi diametrli turbalar ýaşaýyş jaýlaryna we edara-kärhanalara agyz suwuny çekmek üçin niýetlenen bolsa, uly diametrli turbalar lagym suwlaryny geçiriji ulgamlarda ulanylýar.
Kärhananyň Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kuwwatly enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerde her aýda onlarça tonna çig maly gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.
Önümçilikde ýerli çig maldan peýdalanylýar. Kompaniýada 35 sany hünärmen zähmet çekýär.
“Türkmen senagat” hojalyk jemgyýeti plastik turbalaryň birnäçe tonnasy goňşy döwletlere eksport etdi.